Meyxoş Abdullahın hekayəsi Türkmən türkcəsində

Sil                                         

(Hekaýa)

(Tebigy heläkçiliklerde jebir çeken çagalara bagyşlanýar)

Sil obany basypdy. Üç günläp dynman ýagan ýagyş obanyň bütin çägini uly köle dönderipdi. Ýagyş dynuwsyz ýagýardy. Göýä, gögüň garnyny kimdir biri ýiti pyçak bilen ýaryp, asmandan şaglap suw dökülýän ýalydy.

Mal-garanyň howsalaly sesi, itleriň uwlaşmasy, towuk-jüýjeleriň jüýp-jüýbi gijäniň garaňkylygynda, onsuzam gorkunç görünýän bu ýagdaýa has-da eýmençlik goşýardy. Adamlar aljyraňňy, howsalaly hem gorkuly haldadylar, näme etjeklerini bilenokdylar.

Kömege gelen halas edijiler adamlary howpsuz ýerlere geçirmek üçin ellerinden gelenini edýärdiler. Bu heýhatly pursatlarda oba ilatynyň ähli umydy olara baglanypdy. Hemmeler olardan kömege garaşýardy.

Solmaz atly ýaş zenan kiçijek gyzynyň ýitendigini, aglaý-aglaý, olara habar berdi. Halas edijileriň serkerdesi ýaş enäni köşeşdirip, ondan gyzynyň haýsy tarapda ýitendigini sorady.

Doly köşeşip bilmän, ýarym-ýaş aglap duran ene titreýän ellerini özüniň gelen tarapyna uzadyp, balasynyň halas edilmegini haýyş edip, çyny bilen ýalbardy.

Sil suwy obanyň ähli howlusyny basypdy. Öýler suw içinde galypdy. Gitdigiçe köpelýän suw adamboýy ýokary göterilipdi. Öý goşlary suw astyndady.

Birdenkä halas edijileriň biri ýakynda aglaýan bir çagajygy gördi. Çagajyk: “Eje!.. Eje!..” diýip, sesiniň ýetdiginden çyrlap aglaýardy.

Ýaş ýigit ses gelen tarapa ýöneldi. Güýçli sil her pursat onuň özüni hem holtumyna dolap alyp gidip biljekdi. Emma ýigit bu ýagdaýa ähmiýet bermän, kömege çagyrýan çaga tarap ilerleýärdi. Bulanyk suw onuň boýuna barabardy. Ol golaý baranda, agajy mäkäm gujaklap aglaýan kiçijek gyzjagazy gördi.

Halas ediji gyzjagazyň gabadyna baryp, ony gujagyna aldy. Juda gorkanlygy duýlup duran çaga, oňa has berk gysmyljyrap, aglamagyny bes etmedi. Ony köşeşdirmek başardanokdy.

Halasgär gyzjagaza höre-köşe etdi. Ýöne çaga köşeşerli däldi, sesinde baryny edip, ejesini çagyrýardy. Bu gidişine, gorkudan ýaňa gyzjagazyň ýüregi çat açjakdy. “Nädibem bolsa, bu çagany köşeşdirmeli” diýip, ýaş ýigit öz ýanyndan pikir öwürdi.

Birden onuň akylyna bir pikir geldi. Ol garaňky gijede gyzjagazyň gulagyna pyşyrdady:

– Jigim, köşeş, aglama… Göreňokmy, sil güýçlenýär. Agladygyňça, gözýaşlaryň sil suwuna goşulýar, suw köpelse, ikimizem gark bolarys ahyry… Hany, goý sesiňi…

Gyzjagaz derrew demini içine çekip, sojady, eliniň arkasy bilen ýaňagyndan syrygan gözýaşlaryny süpürip, zoraýakdan bolsa-da, ýylgyrjak boldy…

— Ine, indi görersiň, biz halas bolarys — diýip, ýigit gyzjagaza göwünlik berdi.

Olar howp-hatarsyz ýere çykanlarynda, hemmeler begendi.

Çaganyň ejesi begençden ýaňa, gözýaşlaryny saklap bilmän, gyzyny bagryna basyp aglady…

Bu ýagdaýdan gorkan gyzjagaz bolsa, posalajyk elleri bilen, ejesiniň gözýaşlaryny süpürip, özüniň çaga dilinde oňa nämedir bir zatlary düşündirmäge çalyşýardy.

Azerbaýjan dilinden terjime eden

Orazmyrat Myradow.

 

 

Share: