Üşüyən yarpaqlar – Meyxoş ABDULLAH

 Azərbaycan yazıçısı Meyxoş Abdullahın “Üşüyən yarpaqlar” hekayəsi tanınmış Türkmən yazıçısı Orazmyrat Myradovun tərcüməsində Türkmən dilinə çevrilib.

Müstəqil.Az həmin hekayəni Tüqrknən türkcəsində təqdim edir

 

Meýhoş Abdullah

 

Üşeýän ýapraklar  

(Hekaýa)

(Hemişe üşeýändigiňi boýnuňa al, ýalňyz zenan…)

 

…Ukudan oýansa-da, düşeginden galmaga howlukmady. Agşam ýapmagy unudyp, açyklygyna galdyran penjiresinden içeri giren güýz howasynyň sowuklygy endamyny üşetdi.

Üstündäki ýüň ýapynjany burnunyň ujuna çenli çekdi. Ýapynjanyň mymyjak, ýumşak tüýleri süňňüne ýylylyk berdi, janyna hoş ýakdy. Gözlerini ýumup, gursagyny dolduryp dem aldy. Gabaran göwresi ýatyş köýneginiň ýakalaryna hem biraz galbaňlyk berdi. Süňňi çalaja sandyrady. Hamana diýersiň, sansyz garynjalar müňedekleşip ýören ýaly, endam-jany gyjyndy. Ellerini bedeniniň çyplak ýerlerinde gezdirdi. Barmaklarynyň astynda ruhy terk edip gidibererli görünýän ýaly bir mejalsyz beden galpyldaýardy.

Gerinjiräp, lezzet bilen uludan dem aldy. Süňňüne siňen arassa howanyň täsirinden biraz başy aýlanyp giden ýaly boldy. Gözlerini giňden açyp, nazaryny petikden sallanyp duran lýustranyň kümüşsöw reňkli nagyşlaryna dikdi. Nagyşlary ilkinji gezek görýän ýaly, gözlerini esli wagtlap ondan aýyrmady. Ses-selemsiz bu öýde ýalňyz ýaşaýandygyna indi akyl ýetiren mysaly, howsala düşdi. Ýürek urgusy artdygyça, endamy sowap, üşütmäge başlady.

Bu otagda, ine, şu düşekde äri bilen birlikde geçiren bagtyýar günlerini ýatlady. Äriniň temmäki ysly nepesini, biline dolanan güýçli, berdaşly gollaryny, hatda endamyndaky gödeňsi tüýlerini hem küýsedi, ýüregi gysdy. Ol döwürler juwan wagtlarydy, gözeldi, söýerdi, söýlerdi. Agşamlar äriniň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşardy. Äri gapydan giren badyna, boýnuna saralardy, demi tutulýança, gapynyň agzynda onuň bilen öpüşerdi. Soňra hyjuwdan mest bolup, humarlanan gözlerini äriniň gözleriniň içine dikip, otlukly bakyşlary bilen ony owsundyryp, ýatýan otagyna tarap çekerdi. Arzuwyny hasyl edýänçe ondan el çekmezdi.

O wagtlar juda bagtyýardy. Özüniň gözelligi, äriniň puly, wezipesi, rahat öý-içerisi… Näme diýseň, bardy. Ärinden-de juda razydy. Ýüregi näme islese, nämäni arzuw etse, ýerine ýetirerdi. Esli wagtlap şeýle ýaşadylar. Ähli bagtyýar maşgalalaryň betbagt hala baryp ýetmegine, adatça, erkek kişiler günäkär diýýärler. Onuň hem ýyly ojagynyň dagamagyna äri sebäp boldy.

Äri başga bir aýal tapyp, özüni taşlap gidenden soňra, onuň bu hyýanatyny bagyşlap bilmedi. Ençeme ýylyň geçmegine garamazdan, onuň bu ýaramaz hereketini unudyp bilmedi. Onuň üçin dünýädäki ähli erkekler hyýanatçy hem ýalançydylar. Uzyn ýyllar geçen-de bolsa, ýüregine tyg salan bu dönükligiň ýarasy hiç bitip gidibermeýärdi. — Zenan söýen adamsyny bagyşlap bilmeýän bolsa, ony ýigrenýän bolsa, diýmek, bir döwür ony akylyndan azaşan ýaly derejede söýendigi baradaky pikiri hem kabul etmek isleýän däldir.

Ömründe birinji gezek häzirki ýatan ýeri, erkek kişiniň ysy gelmeýän düşegi, öý-içerisi janyna dert berdi. Ses-sedasyz, lal-jim bu gurşaw onuň ýüregini gysdyrdy. Lapykeç boldy. Ýaňagyndan syrygyp gaýdan gözýaşlar agzyna aralaşyp, şorumtyk deňiz suwunyň tagamyny berdi. Bu tenhalyk indi ony irizipdi. Ýürekgysgynç durmuş onuň bütin barlygyny, hatda akylyny-da alarlydy.

Zenan ýaradylyş babatdada geňdir, nirde, haçan güýçli bolsa-da, düşekde ýalňyz haldaka özüniň ejizligini boýun alyp: “Men ýalňyz galmakdan gorkýaryn” diýer.

Ärsiz hem ýalňyz zenanlaryň özlerine edýän ilkinji dönükligi hyýallarynda başlanýar. Olar hyýallarynda hyýanat etmegi öwrenýärler. Nirededir bir ýerlerde gören, göwünlerine ýakan erkek kişilerini ilki düýşlerinde söýüp, mylakat bildirýärler. Bu düýş söýgüsi günlerde bir gün olary huşdaky durmuşda-da söýgi hyýanatyna iterýär. Netije, olar ömürboýy bu seriňi sämediji hem oýaly-ukuly haldan essine gelip bilmän, ýalan bagtyýarlygyň pidasyna öwrülýärler.

O-da şeýledi. Ençeme ýyl bäri ýalňyz ýaşaýardy. Düýşlerinde özüniň söýgi dünýäsine gowuşýan ýaly, köplenç, gijeler düşegine geçmezden öňinçä özüne timar berip, soňra ýatardy. Säherler ukudan oýananda bolsa, ýeke-ýalňyz ýatyp-turan, hamana diýersiň, gor guýlan ýaly düşeginde, haçandyr bir gün ölüp galjakdygy barada pikir edeninde, keç kysmatyna nälet okardy.

Gözleri petige dikilgi halda uzak wagtlap gymyldy-hereketsiz ýatdy. Şu ýagdaýda ýatsa, geçen günler baradaky ýatlamalaryň özüni gysajyna alyp, tike-tike etjekdigini, agyry-yzalar içinde ýakyp-gowurjakdygyny bilýärdi.

…Jahan ýagtylypdy. Ýerinden turup, haladyny egnine atyp, her gün irdenki adatyna eýerip, penjiräniň öňüne bardy. Ýokardan aşaklygyna — binanyň howlusyna syn etmäge başlady.

Ýokardan bakanyňda, adamlaryň hemmesiniň boýy, göwresi birmeňzeş ýaly bolup görnerdi. Howa ýagtylansoň, hemme kişi iş-güýç aladasy bilen howlukmaç haldady. Göwnüne, bu adamlaryň ählisi bagtyýar ýalydy. Dünýäde birje betbagt adam bar bolsa, bu onuň özüdir.

Belentlikden garamak onuň başyny aýlady. Elini maňlaýyna goýup, penjirä söýenip, birsalym ümsüm durdy. Kellagyrysy geçenden soňra, otagynyň penjiresiniň öňünde hatarlap goýan güllerine göz aýlady. Açylan güller-de özüne meňzeýärdiler, solup ugran, sülleren ýalydy.

Ak gülleri juda gowy görerdi. Gabat gelen dükandyr bazaryndan diňe ak gülleri alardy. “Täleýim gülüp bakmady. Kän gara güni başdan geçirdim, hiç bolmanda, gözlerimi dokundyrýan ak zady beri göreýin” diýip, özüne teselli bererdi.

Hammama geçip, el-ýüzüni ýuwdy. Soňra aýnanyň öňüne geçip, birsellem özüne bakdy. Ýüzündäki gasynlar köpelýärdi. Gözleriniň aşagyndaky ýellenip duran çişler ony birneme gartaşan halda görkezýärdi. Gözleri bolsa deňiz ýaly mawydy… Ýaşlyk ýyllaryndan nyşan kimin galan, ýeke ol gözlerdi. Gözleri hemişekisi kimin parlakdy, çuň manylydy we özüne imrindirijidi…

Ol gözleriniň däli-diwanasy bolan, gör, näçe kişi bardy… Öz wagtynda äri-de oňa: “Erkek kişileriň ünsüni çekýäň” diýip, her gün diýen ýaly öýde dawa-jenjel ederdi. Bir günem muny bahana edip, gapyny zarply ýapyp gitdi, bir gezegem yzyna dönmedi.

Häli-häzirem toý-meýlisde özüni synlap, oda-köze düşüp duran erkek kişileri göreninde, gahary gelerdi. “Ýer ýuwdan, ärim bolsaň, sen maňa wepa bererdiňmi diýsene?! Menden başga hiç kimden tama etmän oňarsyň-ow sen?! Öýüňdäki keýwanyň, belki, menden bäş esse owadandyr, emma gözleriň ýala hantama itiň gözleri ýaly oýnaklap dur, haý, mysalaň gursun!..” diýip, öz ýanyndan käýinerdi.

Ýalňyz ýaşamak ony gorkuzýardy. Gurkudan ýaňa, gijelerine otagyň çyralaryny-da söndürmän ýatardy. Onuň gijeleri eýmenç hem içgysgynç halda geçerdi. Eýmenç gijeleri syryp aýyrýan daňyň barlygy, säherleriň ýagtylýanlygy hem gowy zat… Ýogsa bu gorkunç gijeleriň birinde onuň ýüregi ýarylardy…

Gözleri diwardan asylgy duran sagada gönükdi. Sagadyň dilleri sekizi görkezýärdi. Şu wagtlar oňa jaň gelmelidi.

Ärinden soň tötänden tanyş bolan, emma birje gezek hem ýüzüni görmedik bir kişisi her säher edil şu wagt oňa jaň edip, salamlaşardy, hal-ahwal soraşybam, telefony öçürerdi. Bir ýyla golaý wagt bolandyr, ol bu jaňlara endik edipdi. Ilkibada jaň edýän bu adam ruhy taýdan keselli biridir öýderdi. Emma soň-soňlar onuň akyly-huşy ýerindäki bir adamdygyny bildi. Hatda haýsydyr bir orta mekdepde mugallym bolup hem işleýer eken. Bu biçäre mugallym hem onuň ýaly ýeke-ýalňyz ýaşaýan eken.

Bir gün jaňlaryň-da arasy kesildi. Her gün şol bir wagtda telefonuna gelýän jaňa endik edensoň, bu dymdyrslyga öwrenişip bilmedi, içi gysdy. Günler geçse-de, telefon dymyp durdy. Bialaç halda bir gün şol belgä özi jaň etdi. Başga bir kişi jogap berip, mugallymyň ýogalandygyny, özüni heläkländigini aýtdy.

Mugallymyň ölüminde özüni günäli duýdy. Belki, maňa bir zat aýtmak isländir? Belki, söýendir meni?! “Bir zatlar aýtmak islän bolsa, şu geçen döwrüň içinde näme üçin aýtmadyka? Ýa-da özüni heläklemekçidigini maňa habar bermek isledimikä?” diýip oýlandy… “Adam syr saklamagy başarmaýar ahyry. Ahyrky pursatda syryny kimdir birine açmak, aýdyp bermek isleýär. Munuň üçin özünde mertlik tapmaýanda hem, syryny bir kagyza ýazyp, kimdir biriniň göräýjek ýerinde goýar. Eger mugallym hem şeýle niýetiniň bardygyny aýdan bolsa, ýeri, şonda ol näme diýerdi mugallyma? Öz janyna kast etmeginiň öňüni alyp bilerdimi?! Belki… Wah, al kaksyn şu “belkileri”. Bu “belkilere” düşündiriş tapýançaň, mugallym ýaly özüňi asyp öldürseň, has gowy bolardy” diýip, özüniň ejizligine janyny ýakdy.

Mugallymyň ölümi ony şeýle bir gorkuzdy welin, soň-soňlaram ýalňyşyp jaň eden adamlara: “Her zadam bolsa, haýyş edýän, özüňizi heläklemäweriň!” diýip, ýalbaryberesi gelerdi.

Her gün ertirlik naharyndan soň eýwana çykyp, bir wagtlar öz elleri bilen eken, indi bolsa penjiresinden-de ýokary ösüp geçen çynar agajyna syn ederdi. Ençe ýyl bäri çynar agajy onuň gözüniň alnynda ösýärdi. Ýeriň teýinden dömüp çykyp, garyşma-garyş ösüp, ulalýan bu çynar agajy onuň tenha ömrüniň şaýadydy. Çynary juda eý görerdi: “Ol meniň balamdyr, ony gözýaşlarym bilen suwardym” diýerdi.

Köp ýyllar bäri ähli derdini çynar bilen paýlaşardy, syryny oňa aýdardy. Belki-de, çynar onuň derdini egismek, dadyna ýetişmek üçin, gününi sanap ösüp, onuň ýaşaýan jaýynyň altynjy gatyna çenli baryp ýetendir.

Ýaz pasly gelende iki gumry o çynar agajynda höwürtge gurup, jüýje çykarardylar. Tä etenejikler ganat-pere gelip, höwürtgäni terk edýänçäler, her gün ol guşlara syn ederdi. Geň zat, nobatdaky ýaz gelende, ýene-de ol guşlar nirdendir bir ýerden uçup gelerdiler, çagşan höwürtgelerine timar bererdiler. Daşan çöp-çalamlary bilen höwürtgäni gurup-gurnanlaryndan soň, ýyly hem rahat bolar ýaly, synalaryndan ütülen ýumşak perleri onuň içine düşärdiler. Soňra ýumurtga basyp, jüýje çykarardylar. Eteneje perzentleri uçurym bolaýýança, ata hem ene guş bileleşip zähmet çekerdiler. Bir-birine näderejede wepalydyka bu guşlar?

Bir döwürler onuňam ýylyjak höwürtgesi, şol höwürtgede kemala getiren perzentleri bardy, o-da bagtlydy.

Emma guşuňkyça-da mähremligi, wepasy bolmadyk bir adamyň dönükligi zerarly, hemme zat bir pursadyň içinde reýgan bolupdy. Äri ony taşlap gitdi, çagalary bolsa öz bagtynyň ugrunda, başyny alyp uçup gidipdiler. Şol günden bäri ýalňyz hem umytsyz ýaşaýardy… Gabat gelip, ýüregini açanlara-da: “Men şatlyk-gaýgymy hiç kim bilen bölüşmegi başarmaýaryn” diýerdi.

…Bu ýyl güýz biraz ir gelipdi. Güýzüň çisňäp ýagýan ýagyşlary, öýüniň penjiresine çenli ösüp ýeten çynar agajyny edil onuň gözýaşlary deýin suwarýardy. Daragtyň şahalary onuň penjiresine galtaşar derejede ýakyndy. Käte penjiräni açyp, çynaryň ýapraklaryny aýasyna alardy-da, edil bagryndan önen balasy ýaly, sypalardy. Ýapraklar edil ynsan eline meňzeşdi. Adamyň aýasyndaky çyzyklar ýaly, çynaryň-da ýapraklary damar-damardy.

Ol çynary özüne meňederdi. Çynar agajy hem onuň ýaly, ýuwaş-ýuwaş ulalyp, gartaşýardy. Daragtyň ýapraklaryny bolsa ömrüniň günleri saýardy. Şonuň üçinem güýz paslynda howluda — bakjada gezim edýän çagy pudaklardan tänip düşen ýapraklaryň üstünde basmazlyga çalşardy. Hamana, ölen günlerini öz aýaklary bilen ýene bir ýola depelemekden gorkýan ýalydy. Asfaltyň ýüzünde şemalyň eýläk-beýläk kowalap ýören jansyz ýapraklary edil haýp ýaşalan, ýele berlen ömrüniň günleri ýaly bimany.

Bu säher ýene-de penjiräniň öňünde eglenipdi. Duýguly, gussaly gözleri güýz howasyndan nem alýan ýaly, dolup, balkyldap durdy. Daşarda bolsa ýagyş damjalary penjiräniň aýnasyna urulýardy. Penjiredäki suw damjalary egrem-bugram çyzyklar çekip, hamana, Morze elipbiýinde onuň syrly dünýäsiniň ýatlamalaryny… ýalňyz özüniň okap biljek, ýaşan ýyllarynyň ajyly-süýjüli ýatlamalaryny ýazýan ýalydy…

Güýzüň sowuk demi çynar agajynyň ýapraklaryny saraldypdy. Pudagyndan tänip, ýere inýän ýapraklar öz janyna kast edýän adamlara çalymdaşdylar. Käte halys umytdan düşüp, o-da bu ýapraklar dek, özüni başaşak oklap, ölmek isleýärdi. Soňra akylyna gelip-geçen bolgusyz pikirlere gülüp, öz-özüne pyşyrdardy: “Aý, däli, indiki baharda bu ýapraklar ýene-de peýda bolarlar, sen bolsa…”.

…Penjiräni açyp, ýere gaçyp barýan ýapraklardan birini howada tutup, owujynyň içine aldy. Ýapragyň ýüzündäki damar-damar bolup ýaýylyp gidýän çyzyklar bilen onuň hor elleriniň aýasyndaky bulam-bujar çyzyklaryň arasynda meňzeşlik bardy… Palçysyz-beýlekisizem özüniň-de okap biljek, täleý ýazgysy diýilýän bu bulam-bujar çyzyklaryň mundan soňra oňa bagtyýarlyk getirip biljegini aýtmak çetindi…

Elindäki ýapraga dykgat bilen seretdi. Birwagtlar ýap-ýaşyl bolan, indi bolsa saralan bu ýaprak üşeýän ýaly titreýärdi… edil Nuridäniň güýzän ömrüniň ýalňyzlygy kimin…

Azerbaýjan dilinden terjime eden

Orazmyrat Myradow.

 

.

 

Share: